Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehgnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda BAE-niň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň hataryna girýändigi, ýurtlaryň energetika, ulag we maliýe ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.
BAE-niň wekilleri öz gezeginde, Türkmenistanda amatly maýa goýum gurşawynyň döredilendigini belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidiljekdigine, ykdysady hyzmatdaşlygyň bolsa mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан