Türkmen telekeçileri “TextileExpo Uzbekistan 2025” sergisine gatnaşmaga çagyryldy

BT
Türkmen telekeçileri “TextileExpo Uzbekistan 2025” sergisine gatnaşmaga çagyryldy
“TextileExpo Uzbekistan 2024” atly sergi, 2024-nji ýylyň 15-17-nji oktýabry, Daşkent, Özbegistan (Surat: textileexpo.uz)

Dokma, mata we lybas önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 14 – 16-njy maýynda Daşkent şäherinde geçiriljek “TextileExpo Uzbekistan 2025” atly 24-nji halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB sişenbe güni habar berdi.

Çäräni guraýjy “Iteca Exhibitions” halkara sergi kompaniýasy türkmen önüm öndürijilerine Özbegistanyň bazaryna çykmak we öz önümlerini Merkezi Aziýanyň dokma we gözellik senagatyna ýöriteleşen iň iri sergileriniň birinde tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürleýär.

“TextileExpo Uzbekistan” döwlet edaralaryň we pudaklaýyn birleşikleriň goldamagynda Özbegistanda geçirilýän halkara dokma hem-de gözellik senagatynyň sergisidir. Çäre dünýäniň önüm öndürijileriniň ýüplükden başlap, taýýar lybaslara çenli gazananlaryny görkezmek üçin amatly meýdançany hödürlemek bilen Özbegistanyň dokma senagaty bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Sergä her ýyl 9 müňden gowrak hünärmen, şol sanda döwlet edaralarynyň we iri kärhanalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Serginiň çäklerinde işewürlik maksatnasynda göz öňünde tutulan çäreler, şol sanda okuw sapaklary, işewürlik duşuşyklary, moda lybaslaryň görkezilişleri we ussatlyk sapaklary geçirilýär.

 

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022