Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagyna taýýarlyk işleriň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 20 – 22-nji noýabrda okuw maslahatyny geçirdi. Onuň maksady BSG-ä goşulmak işleriniň çäklerinde bazar elýeterliliginiň şertlerini öwrenmekden ybarat boldy. Bu barada çäräni guraýjylar habar berýär.
Okuw maslahaty ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, şol sanda çäräniň taýýarlyk derejesine uly goşant goşan ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) ýardamy bilen guraldy. Okuw maslahatynyň birinji gününde oňa gatnaşan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud Türkmenistanyň BSG-ä goşulmak işiniň çäklerinde iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetlidigini belledi.
Okuw maslahatynda çykyş edenleriň esasylarynyň biri bolan Kolumbiýadan Alehandro Gamboa-Alder BSG-niň baş edarasyndaky iş tejribesi bilen paýlaşdy. Ol guramanyň düzümi we alyp barýan işi barada giňişleýin durup geçdi hem-de salgyt syýasatynyň esasy ugurlary we söwda ýeňillikleri boýunça gepleşikleri alyp barmagyň, şol sanda BSG-niň salgyt we söwda boýunça Baş ylalaşygynyň düzgünlerini öwrenmegiň ähmiýeti boýunça gürrüň berdi.
Sanly ulgam arkaly işjeň pikir alyşmalara beslenen okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar BSG-ä agza döwletler bilen gepleşikleri geçirmegiň ugurlary hem-de salgyt we salgyt bilen bagly bolmadyk meseleleri çözmek boýunça gymmatly maslahatlary aldylar. Şeýle çäreler BSG-niň ulgamyna çuň düşünmäge we Türkmenistany bu guramanyň doly hukukly agzalygyna taýýarlamaga şert döredýär.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан