Türkmenistanyň Mejlisiniň şenbe güni geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda birnäçe möhüm halkara ylalaşyklar tassyklanyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, şolaryň hatarynda maýa goýumlary goramak hakynda Gazagystan bilen ylalaşyk, halkara awtomobil gatnawlary hakynda Mongoliýa bilen ylalaşyk hem-de döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmagy hakynda resminama we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda ylalaşyk bar.
Parlamentariýler şeýle hem “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunynyň taslamasyny we “2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” karary tassykladylar.
Maslahatyň dowamynda birnäçe kanunçylyk namalaryna, şol sanda Zähmet kodeksine, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, Puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda Kanunyna girizilen üýtgeşmeler makullanyldy.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан