Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ýekşenbe güni Hytaýyň Syçuan sebitindäki Çendu şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşindäki daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ni habar berýär.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar sebit ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen “Merlezi Aziýa – Hytaý” formatynyň özara gatnaşyklary işjeňleşdirmekdäki möhüm ähmiýetini bellediler.
Gysga formatda geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, syýasy, işewürlik, söwda gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine hem-de energetika we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmäge aýratyn üns berdiler. Bu görnüşli dialogyň çäklerindäki ikinji sammite taýýarlyk meseleleri hem maslahatlaşyldy.
Giň görnüşde geçirilen mejlisiň dowamynda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri özara hormat goýmaga esaslanýan medeni diplomatiýanyň halklaryň arasynda ynanyşmagy we parahatçylygy berkitmek üçin möhüm binýady emele getirýändigini nygtady
Duşuşyk Bilelikdäki Beýannamanyň gol çekilmegi bilen tamamlandy. Ol “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini kesgitleýär.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан