Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2024-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 90 milliard 645,88 million manada ýetdi. 2023-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 87 milliard 306,19 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2024-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 52 milliard 313 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 53 milliard 939 million manada deň boldy.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 14 milliard 137 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 12 milliard 375 million manada ýetdi.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 24 milliard 196 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 20 milliard 993 million manada deň boldy.