Türkmenistanda kofe öndürýän täze kärhana açyldy

BT
Türkmenistanda kofe öndürýän täze kärhana açyldy
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky kofe we kofe önümleri öndürýän kärhana

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kofe we kofe önümleri öndürýän döwrebap kärhana öz işine başlady. Ekologiýa taýdan arassa zolakda ýerleşýän Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň nyşany bolan täze toplumdaky işler daşky gurşawa aýawly çemeleşýän öňdebaryjy tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ýokary tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhana edara ediş binasyny, önümçilik desgalaryny we ammarlary özünde jemleýär.

Çig maly gaýtadan işlemekden tä taýýar önüme çenli ähli önümçilik işi halkara ölçeglere laýyk gelýär. Ýyllyk önümçilik kuwwatyň 4000 tonna barabar bolmagy içerki islegleri doly kanagatlandyrmaga we eksport üçin mümkinçilikleri açmaga şert döredýär. Önümleriň görnüşlerine gowrulan kofe däneleri we dürli tagamly “3-de 1” görnüşdäki ereýän kofeler girýär.

Önümleriň “ISO 9001”, “ISO 22000” we “Halal” ölçeglerine laýyklyk güwänamalary olaryň ýokary hil we howpsuzlyk talaplaryna gabat gelýändigini tassyklaýar. Önümçiligiň ähli tapgyrlaryndaky barlaghana gözgeçiligi önümleriň hil aýratynlyklarynyň durnukly bolmagyny üpjün edýär.

Kärhana ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegini goldaýar. Bu ýerde ulanylýan tehnologiýalar daşky gurşawa täsirleri peseltmek bilen, taslama jogapkärli çemeleşilendigini görkezýär.

Bu toplum Türkmenistanda kofe içmek medeniýetini wagyz etmekde möhüm orun eýelemek bilen, ony gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwürýär. Kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň goldawlarynyň netijesinde mümkin boldy. Munuň özi ýurduň döwrebaplaşdyryş işlerine we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge tagalla edýändigini görkezýär.

Kärhananyň açylmagy Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini güýçlendirmek bilen, onuň dünýäniň kofe bazarynda eýeleýän ornuny bekidýär we geljegi uly taslamalar üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022