Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sişenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi mälim edýär.
Mejlise bäş welaýatdan we Aşgabat şäherinden ýaşulular hem-de Gaznanyň wise-prezidenti Rejep Bazarow gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde Gaznanyň häzirki wagtda alyp barýan işleri, gazanan sepgitleri we geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Rejep Bazarow bu barada giňişleýin hasabat berip, durmuş taslamalary durmuşa geçirmekde Gaznanyň gazanan üstünlikleri barada belledi.
Ýaşulular Türkmenistanyň ösüşinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşan goşandyna ýokary baha berdiler. Olar içerki syýasaty berkitmekde, şeýle hem ýurduň halkara abraýyny artdyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm orun eýeleýändigini bellediler.
Mejlisiň jemleri boýunça “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.