BMG-niň Baş Assambleýasy 23-nji oktýabry Gar barsynyň halkara güni diýip yglan etdi. Gyrgyzystanyň öňe süren bu başlangyjyny 61 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Hytaýyň we Hindistanyň goldawlaryna eýe boldy. Bu barada BMG penşenbe güni habar berdi.
Dag gaplaňy hökmünde hem giňden tanalýan gar barsy Merkezi we Günorta Aziýa belent saglyk sebitleriniň esasy nyşanlarynyň biridir. Seýrek duş gelýän bu ýabany haýwan Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilip, halkara konwensiýalaryň esasynda gorag astyndadyr. Bikanun awlanylmagynyň, ýaşaýyş gurşawynyň dargadylmagy we howanyň üýtgemegi netijesinde olaryň köpelişi yzygiderli pese düşmegini dowam edýär.
“Dag gaplaňy – bu diňe pişikler maşgalasynyň gaýtalanmajak iri görnüşi bolmak bilen çäklenmän, suw we beýleki tebigy serişdeleriň üpjünçiliginde möhüm orun eýeleýän dag ekoulgamlarynyň sagdynlygynyň esasy görkezijisidir” diýip, Gyrgyzystanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili aýtdy.
Kabul edilen Kararnamada gar barsyny we onuň tebigy gurşawyny goramakda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtalýar. Onda gar barslarynyň bikanun awlanylmagyna we söwdasynyň edilmegine garşy göreşmek hem-de biodürlüligiň goralyp saklanylmagyna aýratyn üns çekilýär.
Kararnama ekoulgam üçin möhüm ähmiýeti bolan gar barslaryny gorap saklamak boýunça tagallalary goldamakda gyzyklanma bildirýän taraplara halkara we sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge çagyryş edýär.