Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar

BT
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
“Argus: Nebit önümleriniň bazary 2023. Hazar we Merkezi Aziýa” atly halkara maslahaty, 2023-nji ýylyň 16-17-nji marty, Dubaý, BAE (Surat: Rise Oil Group)

“Argus” baha beriş agentligi türkmenistanly işewürleri 20-21-nji fewralda Dubaý şäherinde geçiriljek “Argus Oil Products 2025” atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Nebit we ulag pudaklaryndaky öňdebaryjy hünärmenleri jemlejek bu çäre soňky iki ýylda satuwly esasda 40-a golaý ýurtdan 500-den gowrak gatnaşyjyny özüne çekdi.

“Argus-yň” “Biznes Türkmenistan” internet-neşirine habar bermegine görä, bu maslahat Hazarýaka, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebit ýurtlaryndaky nebit we nebit önümleri bazarlarynyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşmak üçin amatly meýdança bolar. Nebit, söwda we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan iri halkara kompaniýalaryň ýokary derejeli dolandyryjylary gatnaşjylaryň hatarynda bolar.

Çäräni guramaga “Socar”, “Pro Logistic Services”, “Crait DMCC”, “Everest Energy”, “Midas Oil Trading”, “Alkagesta”, “R Group Holding”, “Intertek”, “Panasia Group” we “Petrogas Trading” ýaly iri kompaniýalar goldaw berýärler.

Maslahatyň möhüm ugurlarynyň hatarynda şular bar:

  • Nebit we nebit önümleriň ählumumy bazarlaryndaky özgerişlikler, nebit akymlarynyň üýtgemegi;
  • Dünýä bazarlarynda makroykdysady ýagdaýlar we pudaklaýyn ugurlar;
  • Hazarýaka sebitinde we Merkezi Aziýada nebiti gaýtadan işlemegiň häzirki ýagdaýy;
  • Ýewropanyň çig nebit bazarlarynda üýtgeşmeler we “KEBCO” sortunyň geljegi;
  • Nebit we nebit önümlerini daşamakda uzak ýol ugurlarynyň ulag çykdajylaryna täsiri hem-de ätiýaçlandyryş bazarynda üýgeşmeler;
  • Hazarýaka sebitinde we Merkezi Aziýada döwrebap nebiti gaýtadan işleýän zawodlary ösdürmegiň geljegi hem-de rus nebiti üçin täze ugurlar;
  • Sebitde nebiti daşamagyň we üstaşyr geçirmegiň meseleleri hem-de Owagnystana, Eýrana we Pakistana ibermek mümkinçilikleri;
  • Merkezi Aziýada üstaşyr geçirmekde baha emele getirmegiň ugurlary.

Maslahata gatnaşmaklyk hünärmenlere terjribe alyşmak, pudagyň ösüşiniň geljegini maslahatlaşmak we işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak üçin gaýtalanmajak mümkinçiligi hödürleýär. Guramaçylar çärä işewürlik jemgyýetiniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagyna garaşmak bilen, sebitiň iri çäreleriniň biriniň gatnaşyjysy bolmak mümkinçiligini elden gidirmezlige çagyrýar.

Goşmaça maglumaty çäräniň resmi web-saýtyndan hem-de elektron poçta salgysynda alyp bilersiňiz: oilproducts.conf@argusmedia.com.

2022