Türkmenistan amerikan kompaniýalarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk tekliplerine seretmäge taýýar

BT
Türkmenistan amerikan kompaniýalarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk tekliplerine seretmäge taýýar
Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, “John Deere” kompaniýasynyň baş wekili Çaba Leýka, “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň strategik ösüş boýunça direktory Nikolaý Ýurçenko

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýadaky maksatnamalar boýunça baş wekili Çaba Leýkany we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň strategik ösüş boýunça direktory Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz ýurdunyň amerikan kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi mälim edýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljegi hem-de birnäçe möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürler forumynyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini belledi.

Nebitgaz pudagy, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, oba hojalygy we ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler arzuw edip, türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022