Aşgabatda Türkmenistanyň, ABŞ-nyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçiriler

BT
Aşgabatda Türkmenistanyň, ABŞ-nyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçiriler
Тürkmen-amerikan işewürler forumy, 2024-nji ýylyň 16-njy dekabry, Aşgabat, Türkmenistan

ABŞ bilen Türkmenistanyň ykdysadyýet we söwda boýunça bilelikdäki iş toparynyň çäklerinde 29-njy dekabrda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek maksady bilen möhüm mejlis geçiriler. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud duşenbe güni Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen-amerikan işewürler forumynyň dowamynda mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

ABŞ-nyň ilçisiniň sözlerine görä, bu duşuşyk täze başlangyçlary maslahatlaşmak üçin amatly meýdançany emele getirmek bilen, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

“Biziň duşuşygymyz we tejribeleri alyşmagymyz ýerli telekeçiler üçin bähbitli boljak has kuwwatly we bäsdeşlige ukyply bazary döretmäge ýardam eder” diýip ilçi belledi.

Täze gatnaşyjylar şeýle hem ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni eýýäm tanadan  amerikan kompaniýalary Türkmenistanyň bazaryna girmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Şeýle hyzmatdaşlyk iki ýurduň işewürlerine bähbitleri getirmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary berkitmäge hem uly täsirini ýetirer. Hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy amerikan we türkmen kompaniýalarynyň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen işewürlik ulgamynda özara bähbitli şertleri döreder.

Mejlisiň gün tertibinde önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de işewürlik üçin amatly şertleri döretmek bilen bagly meselelere garalar. Ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde forumyň möhüm çärä öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen-amerikan işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekilleriniň “Westport Trading Europe Ltd”, “Case New Holland” we “John Deere” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022