Efiopiýa kofesini türkmen bazaryna ibermeklik maslahatlaşyldy

BT
Efiopiýa kofesini türkmen bazaryna ibermeklik maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) başlygy Mergen Gurdowyň Efiopiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Jemal Beker Abdulla bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda efiopiýa kofesini türkmen bazaryna ibermek meseleleri maslahat edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar oba hojalyk, önümleri gaýtadan işlemek we maýa goýumlar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garadylar.

Mundan başga-da, TSSE-niň wekilleriniň Braziliýanyň we Estoniýanyň ilçileri bilen hem duşuşyklary boldy. Olaryň barşynda ýurtlaryň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ileri tutýan ugry bolan sanly ulgamlar we tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlyk meseleleri Estoniýanyň ilçisi bilen geçirilen gepleşikleriň esasy özenini düzdi.

Bu duşuşyklar halkara ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde we ýurduň dünýä giňişligindäki abraýyny ilerletmekde Türkmenistanyň tagalla edýändigini görkezýär.

2022