Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýa resmi sapar bilen bardy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýa resmi sapar bilen bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow uçardan düşýär (Surat: prezident.uz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpura resmi sapar bilen bardy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menizlinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny resmi wekiller garşyladylar. 

Döwlet wekiliýetiniň düzüminde daşary syýasat, oba hojalyk, medeniýet, bilim we nebitgaz ulgamlarynyň wekilleri bar. Bu barada Malaýziýanyň DIM-ni habar berýär. 

19-njy dekabrda Putrajaýada Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibragim bilen resmi duşuşyk geçiriler. Gepleşikleriň dowamynda syýasy, ykdysady, söwda, energetika, tehnologiýa, logistika we senagat ugurlarynda, şol sanda bilim, syýahatçylyk, medeni alyşmalar ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara meseleleri boýunça özara pikir alşarlar. 

2024-nji ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda söwda dolanyşygy 74,8 göterim ösüp, 63,28 million malaýziýa ringgite (13,90 million ABŞ dollary) ýetdi. Bu 2023-nji ýylyň degişli döwründäkiden 36,19 million ringgit (7,91 million ABŞ dollary) köpdür. 2023-nji ýylda Türkmenistan 48,62 million ringgitlik söwda dolanyşygy bilen (10,57 million ABŞ dollary) Malaýziýanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde dördünji iň iri hyzmatdaşy boldy.

2022