Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hyzmatdaşlygynda USAID-iň “Türkmenistanda döwlet dolandyryşy” (GAT) taslamasynyň guramagynda maýa goýum işinde häzirki zaman halkara tejribelere we bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmäge bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Bu barada çäräni guraýjylar habar berýärler.
Duşuşykda milli we halkara bilermenler täze maýa goýum strategiýalaryny we kanunçylyk babatda tekliplerini tanyşdyrdylar hem-de olary Türkmenistanyň aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmak mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek üçin möhüm ugurlar barada durup geçip, maýa goýum baradaky kanunçylygy dünýä ölçeglerine laýyk getirmegiň ýollaryny kesgitlediler.
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hökümet edaralarynyň arasynda, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
USAID Türkmenistanda netijeli we durnukly maýa goýum gurşawyny döretmäge gönükdirilen syýasy ugry we kanunçylygy goldamakda esasy düzümler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi dowam edýär.