Türkmenistanda Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat–Daşoguz ugruna goşmaça demir ýol gatnawlary girizilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Dekabryň 23-inden 30-na çenli ýolagçylar sany köpeldilen otly gatnawlaryndan peýdalanyp bilerler. Munuň özi Aşgabat şäheriniň we ýurduň demirgazyk sebitiniň arasynda amatly hem-de oňaýly aragatnaşygy üpjün eder.
Aşgabat-Daşoguz ugruna goşmaça otly düzümleri ýolagçylaryň has köpelýän günlerinde, has takygy, 23, 25, 27 we 29-njy dekabr günlerinde gatnar. Şu günler Aşgabatdan Daşoguza her gün iki ýolagçy otlusy sagat 11:20-de we 22:25-de ýola düşer. Şu günleri öz içine almadyk 24 – 30-njy dekbar aralygyndaky günlerde bolsa gatnawlar günde bir gezek sagat 16:50-de amala aşyrylar.
Bu täzelikler baýramçylyk döwründe aýratyn ähmiýete eýe bolýan demir ýol gatnawlarynyň ýygylygyny we amatlygyny düýpli ýokarlandyrar. Aşgabat we Daşoguz şäherleriniň arasynda ulag aragatnaşygyň gowulandyrylmagy ýolagçylar üçin oňaýly şertleri döretmäge we gyşky dynç alyş möwsüminde demir ýol arkaly syýahatlara bolan elýeterliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.