Türkmenistan “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny döretmegi teklip etdi

BT
Türkmenistan “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny döretmegi teklip etdi
ASEAN-yň 17-nji sammiti, 2022-nji ýylyň 13-nji noýabry, Pnompen, Kamboja, (Surat: mfaic.gov.kh)

Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny işe girizmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Bu teklip Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şenbe güni geçen mejlisinde beýan edildi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işer ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu başlangyjy goldap, döwletara gatnaşyklary berkitmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy. Başlangyç Malaýziýanyň 2025-nji ýylda “ASEAN-da” başlyklyk etmegine taýýarlyk görmek işleri bilen utgaşýar. Munuň özi onuň durmuşa geçirilmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary 18-19-njy dekabrda amala aşyryldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar energetika, ulag we ýokary tehnologiýalar pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri maslahatlaşylyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022