Balkan welaýatyndaky Uly Balkan dagy goraghana derejesine eýe bolup biler. Kiçi Balkan dagy bilen Garabogazköl aýlagyny bolsa çäkli goraghanalara öwürmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Tebigat we tebigaty goramak işi baradaky neşiri penşenbe güni habar berdi.
Ylmy barlaglaryň netijeleri boýunça bu çäkler tebigy gözelligi we biologik dürlüliginiň ähmiýeti nukdaýnazardan täsin ýerler hasaplanylýar. Bu ýerler gaplaňlar we olaryň esasy sarp edýän haýwanlary ýaly ýabany jandarlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň hem-de baý ösümlik dünýäsiniň mesgenidir. Mundan başga-da, bu çäkler ekologiýa gurşawyny gorap saklamakda möhüm orun eýeleýärler.
Taslamanyň çäklerinde Uly Balkanda 1100 inedördül kilometrlik, Kiçi Balkanda hem 250 inedördül kilometrlik goralýan çäkleri döretmek meýilleşdirilýär.
Goraghanany döretmek başlangyjy Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda hem wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunda Balkan daglarynyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak meselelerine uly üns berilýär.
Kiçi Balkan dagy Günbatar Köpetdagy we Uly Balkan dagy özara baglanyşdyrýan möhüm ekologiýa geçelgesi hökmünde görülýär. Bu gaplaňlaryň goralyp saklanylmagy we köpelmegi üçin-de örän zerurdyr.