Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan geljek ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda maglumat berdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeş toparlaryň we raýatlaryň teklipleri nazarda tutulyp taýýaralanylan degişli karar bilen tanyşdyrdy.
Täze ýylyň şygary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusyna we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine esaslanýar.
Mejlisiň dowamynda geljek ýylyň nyşany bilen hem tanyşdyryldy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow her ýylyň şygarynyň we nyşanynyň yglan edilmeginiň öňde boljak möhüm wezipeleri beýan edýändigini belledi.
Mejlisiň we halkyň teklibini goldap, Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň şygaryny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip, resmi taýdan yglan etdi.
2024-nji ýylyň 21-nji martynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul eidldi. Dünýäniň 86 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.