Türkmenistanyň Prezidenti Serdаr Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Çoý Sang-moka “Jeju Air” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Heläkçilik ýekşenbe güni Bangkokdan gelen “Boeing 737-800” kysymly ýolagçy uçary Seuldan 288 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Günorta Çolla sebitindäki Muana Halkara howa menziline gonjak bolanda hereketlendiriji şassisindäki bökdençlik netijesinde bolup geçdi.
Partlama bilen utgaşan heläkçilik netijesinde 179 adam gurban boldy. Ýolagçylaryň 179-sy Günorta Koreýanyň, 2-si hem Tailandyň raýatlarydy. Diňe iki adam diri galdy. Bolup geçen waka barada Günorta Koreýanyň häkimiýetlerine salgylanyp, “Yonhap” agentligi habar berýär.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Atatürk köçesi 61