Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan Baş arçanyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralarynyň hormatly myhmany boldy. Bu ýerde Täze ýyl mynasybetli däp bolan dabaralaryň geçirilýän esasy merkezidir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Baş arçanyň ýanynda guralan dabara – Türkmenistanyň ähli ýerinden çagalar – göreldeli okuwçylar, ders olimpiadalaryň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri ýygnandylar. Ýaşajyk myhmanlar Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny gutladylar, Aýazbaba we Garpamyk ösüp gelýän ýaş nesliň adyndan baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler.
Dabara çagalaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen badalga aldy, el tutuşyp, arçanyň daşyndan aýlanmaklyk bolsa çäräniň iň gyzykly pursadyna öwrüldi. Serdar Berdimuhamedow dostlugy we agzybirligi alamatlandyrýan, däbe öwrülen arçanyň daşyndan aýlanmak çäresine goşuldy. Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar sowgatlara eýe boldular, Türkmenistanyň döwlet Baştutany bolsa çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Ondan soň, Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasyna tarap ýola düşdi. Bu ýerde baýramçylyk dabaralary dowam etdirildi. Edaranyň uly zalynda ene-atalar, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri çagalary bilen ýygnandylar.
Sahnada estrada, teatr we sirk artistleri, folklor toparlary we ýaş zehinler çykyş etdiler. Dabaranyň maksatnamasyna türkmen we daşary ýurtly awtorlaryň eserleri, nusgawy sazlar we milli tanslar girizildi.
Dabara baýramçylyk tortunyň getirilmegi bilen tamamlandy. Onuň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ähli gatnaşyjylara bagtyýar täze ýyly we arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Atatürk köçesi 61