Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we doganlyk Özbegistan bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen teklipleri we başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge Türkmenistanyň ygrarlydygyny, muny daşary syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýandygyny belledi. Taraplar hil taýdan täze derejä çykan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda soňky wagtda gazanylan üstünliklere kanagatlanma bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meseleleri maslahatlaşyldy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ulanylmadyk uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berildi.
Ş.Mirziýoýew bilen söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreleriň geçirilýändigi bellenildi. Munuň özi taryhy kökleriniň birdigini nygtaýar.
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Özbegistan bilen strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga ygrarlydygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew birek-birege jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Atatürk köçesi 61