Türkmenstanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny tassyklaýan Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, bu çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary hem tassyklanyldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Bu Karar amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen kabul edildi.
Resminama degişli çäreleriň ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini wezipe edip goýýar.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Atatürk köçesi 61