Özbegistanyň Hökümeti daşary ýurtlaryň ýük awtoulaglarynyň ýurda girmegi üçin ýygymlaryň täzelenen bahalaryny tassyklady diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär. Türkmenistanyň ulaglary üçin ýygymlar ýokarlandyryldy. Ýük göterijiligi 10 tonna çenli bolan ýük awtoulaglaryň ýurda girmegi üçin alynýan ýygym $130 (ozal $50), ýük göterijiligi 10-dan 20 tonna çenli bolan ulaglara $180 (ozal $100) we ýük göterijilik 20 tonnadan geçýän ulaglara $250 (ozal $150) deň boldy.
Beýleki ýurtlaryň awtoualglary üçin ýygnalýan ýygymlar üýtgewsizligine galdy. Mysal üçin Owganystan ýük ulaglary üçin $50, Täjigistanyň ulaglary üçin $100-200, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň ýük ulaglary üçin $300, beýleki ýurtlaryň ýük ulaglary üçin bolsa $400 barabardyr.
2024-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistan bilen Özbegistan ýük daşaýjylar üçin deň şertleri döretmek hakynda ylalaşdylar. 2025-nji ýyldan iki ýurduň milli ulag kompaniýalary üçin ýygymlaryň möçberi deňleşer.
Mundan başga-da, elektron rugsatnama alyşmak ulgamyny (E-Permit) ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu ulgam eýýäm Özbegistanyň, Türkiýäniň we
Gazagystanyň arasynda ulanylyp gelinýär. Bu başlangyç resminamalary resmileşdirmek işini ýeňilleşdirmäge we serhetlerden geçmäge sarp edilýän wagty azaltmaga mümkinçilik berer.