Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelmäge dowam edýär

BT
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelmäge dowam edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna täze 2025-nji ýyl mynasybetli halkara guramalaryň, döwlet we dini düzümleriň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden gutlag hatlary gelip gowuşýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Hatlary iberenleriň arasynda Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy general Min Aun Hlaýng, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew, Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy Kirill, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger, Döwletara awiasiýa komitetiniň başlygy Oleg Storçewoý bar.

Olar Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işinde üstünlikleri we halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini arzuw etdiler.

Gutlag hatlarynda dost-doganlygy, durnuklylygy we parahatçylygy berkitmekde Türkmenistanyň goşýan goşandyna hoşallyk bildirilip, medeni we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň ykrar edilýändigi bellenilýär.

Mundan öň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, BAE-niň Prezidenti Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem-de Russiýanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki döwletleriň ýolbaşçylary hem Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl baýramy bilen gutlapdylar.

2022