Türkmenistanlylar Täze ýylyň başlanmagy bilen ýokarlandyrylan kömek pullaryny alýarlar

BT
Türkmenistanlylar Täze ýylyň başlanmagy bilen ýokarlandyrylan kömek pullaryny alýarlar
Türkmenistanlylar aýlyk haklaryny we pensiýalaryny bankomatlar arkaly nagtlaşdyrýarlar, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Täze ýylyň ýetip gelmegi bilen türkmenistanlylar ýokarlandyrylan döwlet kömek pullaryny alyp başladylar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi mälim edýär.

Geçen ýylyň 12-nji iýulynda çap edilen Perman ilatyň durmuş şertlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilen Türkmenistany 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar üçin aýlyk pensiýanyň iň az möçberi 2280 manada, olaryň aýallary we tylda zähmet çekenler üçin 665 manada deňdir. Iň az pensiýa möçberi 550 manat, döwlet kömek pullarynyň iň az möçberi 520 manat möçberde kesgitlenendir

Türkmenistanda aýda zähmete tölenýän haklary düzgünleşdirmek üçin aýlyk hakynyň iň pes möçberi 1410 manat hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistanda indi birnäçe ýyldan bäri aýlyk haklary we döwlet kömek pullary ýylda 10 göterim ýokarlandyrylyp gelinýär.

2022