ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Häzirki zaman bilimleri ösdürmek” atly taslamasy (YDA) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” bilen hyzmatdaşlykda ýaşlaryň telekeçiligi boýunça tölegsiz okuwlara gatnaşjaklaryň seçilip alynýandygyny yglan etdi. Bu barada okuwlary guraýjylar habar berýär.
Okuw maksatnamasynyň maksady özbaşdak işewürlige üstünlikli girişmek we ösdürmek üçin zerur bolan bilimleri hem-de amaly endikleri ýaşlara öwretmekden ybaratdyr. Ol Türkmenistanda ýaşlar telekeçiligini goldamaga we ýaşlaryň arasynda işewürlik bilimlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Okuwlar işewürligiň esaslary, işewürlik başlangyçlary işläp düzmek we meýilnamalaşdyrmak, marketing, satuw, işewürligi ýöretmegiň hukuk taraplary, maliýe meýilnamalaşdyrylyşy we dolandyryş ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Gatnaşyjylar şeýle hem işewürlik ulgamynda tejribeli telekeçilerden we hünärmenlerden maslahatlary alarlar.
Maksatnamanyň çäklerinde guraljak işewürlik taslamalarynyň bäsleşigi okuwlaryň jemlenmesine öwrüler. Onda gatnaşyjylar özleriniň taslamalaryny tanyşdyrarlar, ýeňiji bolanlar bolsa özleriniň işewürlik başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge geňeşmeler we maýa goýumlary çekmek ýaly dürli goldaw-kömekleri alarlar.
Okuw maksatnamasy 2025-nji ýylyň fewralyndan aprel aýyna çenli Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde we ähli welaýat merkezlerinde geçiriler. Oňa 18 – 28 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.
Okuwlara gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli tabşyrylmalydyr.
“USAID-iň” häzirki zaman hünär endiklerini ösdürmek boýunça “YDA” taslamasy ýaşlar okuw we hünär kämilleşdiriş maksatnamalaryna gatnaşmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle çäreler bolsa işewürlige we hünär işine üstünlikli girişmek üçin zerur bilimleri we endikleri ösdürmäge ýardam edýär.