Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň we jogapkärli agzasy hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy aýratyn ähmiýetlidir diýlip, kabul edilen resminamada nygtalýar.
Topar daşary ýurtlar we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek giň ugurlar boýunça halkara we milli çäreleriň, şol sanda forumlaryň, maslahatlaryň, dabaraly çäreleriň ýokary derejede guralmagy ugrunda iş alyp barar.
Perman arkaly toparyň düzümi hem tassyklanyldy. Bu topar ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramçylyk derejesiniň üpjün edilişine gözegçilik eder.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy.