Türkmenistanda 2025-nji ýylyň önümçilik senenamasy çap edildi. Bu barada Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi habar berýär.
2025-nji ýylda Türkmenistanda baýramçylyk we ýatlama günlerine gabat gelýän 12 sany işlenilmeýän gün bolar:
- 1-nji ýanwar – Täze ýyl;
- 8-nji mart – Halkara zenanlar güni;
- 21-22-nji mart – Milli bahar baýramy;
- 30-njy mart – Oraza baýramy;
- 18-nji maý – Türkmenistanyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagy güni;
- 6-7-8-nji iýun – Gurban baýramy;
- 27-nji sentýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
- 6-njy oktýabr – Ýatlama güni;
- 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni.
Görkezilen günlerde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda iş geçirilmeýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, bu günleriň öň ýanyndaky iş wagty 1 sagat gysgaldylýar.