Türkmenistanyň başlangyjy boýunça yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy şu ýylyň şygarynyň many-mazmunyny ilerletmekde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu başlangyç ýurduň parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär.
Belgiýanyň “Diplomatic World” institutynyň agzasy, daşky gurşaw we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Derýa Soýsalyň gatnaşmagynda geçirilen çäre bu ugurda ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Onuň gatnaşmagynda we ilçihananyň goldaw bermeginde 2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanyp, “Eureporter” ýaly platformalar üçin wideoýazgy düşürildi. D.Soýsal özüniň çykyşynda 1991-niji ýylda Garaşsyzlyga eýe bolan wagtyndan bäri Türkmenistanyň halkara başlangyçlar arkaly sebit durnuklylygyny işjeň ilerletmek bilen Bitaraplyk we parahatçylyk döredijilik ýörelgelerine ygrarly bolmagynda galýandygyny belledi.
Türkmenistanyň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda Derýa Soýsal, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseliň Azatlyk uniwersiteti we Kojaeli uniwersiteti bilen bilelikde sanly ulgam arkaly guran maslahatynda çykyş etdi. “Güýçleriň deňeçerligi we Ýewropa: Ýewropa Bileleşiginiň ählumumy syýasy giňişlikdäki orny” ady bilen geçirilen çärede ol Türkmenistanyň energetika ulgamynda eýeleýän strategik orny barada çykyş etdi. D.Soýsal Ýewropanyň türkmen gazyna gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny hem-de taraplaryň arasynda energetika hyzmatdaşlygy berkitmegiň uly geljeginiň bardygyny belledi.
Ozal habar berlişi ýaly, Brýussel şäherinde “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň 23-nji mejlisi geçirildi.