TDHÇMB

2025: Türkmenistan, Saud Arabystany haj möwsümini geçirmek hakynda ylalaşyk baglaşdylar

BT
2025: Türkmenistan, Saud Arabystany haj möwsümini geçirmek hakynda ylalaşyk baglaşdylar
Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Hojagulyýew bilen Saud Arabystanynyň haj we umra ministri Taufik Bin Fawzan Al-Rabia, 2025-nji ýylyň 12-13-nji ýanwary, Jidda, Saud Arabystany Patyşalygy (Surat: www.mfa.gov.tm)

Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň başlygy Ýalkap Hojagulyýew bilen Saud Arabystanynyň haj we umra ministri Taufik Bin Fawzan Al-Rabia haj möwsümini geçirmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni habar berdi.

Wekiller ikitaraplaýyn ylalaşygy 2025-nji ýylyň 12 – 14-nji ýanwarynda Jidda şäherinde geçen “Haj we umra hyzmatlary” atly dördünji maslahatyň we serginiň çäklerinde baglaşdylar.

Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Hojagulyýew bilen Saud Arabystanynyň haj we umra ministri Taufik Bin Fawzan Al-Rabia haj möwsümini geçirmek hakynda Ylalaşyga gol çekýärler, 2025-nji ýylyň 12-13-nji ýanwary, Jidda, Saud Arabystany Patyşalygy (Surat: www.mfa.gov.tm)

Habarda bellenilişine görä, bu çärä 80-den gowra ýurtdan wekiliýetler gatnaşdylar.

Geçen ýylyň 10-njy iýun – 09-njy iýul aralygynda 289 sany türkmen zyýaratçysy haj parzyny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekke şäherinde boldular.

 

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
Mart 13, 2025