Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň başlygy Ýalkap Hojagulyýew bilen Saud Arabystanynyň haj we umra ministri Taufik Bin Fawzan Al-Rabia haj möwsümini geçirmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni habar berdi.
Wekiller ikitaraplaýyn ylalaşygy 2025-nji ýylyň 12 – 14-nji ýanwarynda Jidda şäherinde geçen “Haj we umra hyzmatlary” atly dördünji maslahatyň we serginiň çäklerinde baglaşdylar.

Habarda bellenilişine görä, bu çärä 80-den gowra ýurtdan wekiliýetler gatnaşdylar.
Geçen ýylyň 10-njy iýun – 09-njy iýul aralygynda 289 sany türkmen zyýaratçysy haj parzyny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekke şäherinde boldular.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


