Özbegistanyň Ulag ministrligi halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, şol sanda Türkmenistanyň üstünden täze gatnaw ugurlaryny döretmek boýunça meýilnamalary barada mälim etdi. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Ulag ministri Ilhom Mahkamowyň bellemegine görä, şunda Türkmenistan-Eýran-Türkiýe-ÝB hem-de Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Ýewropa ugurlary esasy ýollar bolar.
Bu geçelgeler ýurduň daşary söwda işiniň durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýelemelidirler. Şu wezipäni durmuşa geçirmek üçin Özbegistan Belgiýa, Norwegiýa, Horwatiýa we beýleki ýurtlar bilen awtomobil ulagy ulgamynda täze halkara ylalaşyklary baglaşmagy hem-de Hytaý, Eýran, Belarus ýaly birnäçe döwletler bilen bar bolan şertnamalara gaýtadan seretmegi meýilleşdirýär.
Mundan başga-da, logistika hyzmatlaryny kämilleşdirmegiň çäklerinde gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we ýük akymlaryny çaltlandyrmak maksady bilen “ýaşyl” geçelgeleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurtlaryň arasynda ulag resminamalaryny özara ykrar etmek bu maksatnamanyň möhüm bölegi bolar.
Mundan öň, Özbegistanyň Hökümeti daşary ýurt ýük awtomobilleriniň ýurda girmegi üçin täze ýygym möçberlerini tassyklady.