Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşyk geçirdi. E.Çiriýelliniň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde taraplar köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Diplomatlar iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogy goldamagyň möhümdigini nygtap, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler.
Halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar, “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar BMG bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesini nygtap, parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen ählumumy başlangyçlary özara goldamagyň ähmiýetlidigini bellediler. Taraplar özara gyzyklanma döredýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we onuň italiýaly kärdeşi Edmondo Çiriýelliniň başlyklyk etmeginde türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garaldy. Gatnaşyjylar umumy gyzyklanma döredýän sebit we ählumumy meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri guramak meselelerini maslahatlaşdylar.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly mümkinçiliklerine ünsi çekip, işewür wekilleriň gatnaşmagynda duşuşyklary we forumlary geçirmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.
Diplomatlar şeýle hem arheologiýa, bilim we medeni alyşmalar ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurdygyny bellediler. Iki döwlet hem syýasy dialogy we dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.