Türkmenistan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: www.mfa.gov.tm)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistana gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin duşuşdy. Onuň barşynda diplomatlar hemmetaraplaýyn we strategik häsiýetli bolan özara gatnaşyklaryň birnäçe meselelerine seretdiler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky ynanyşmagyň we dostlugyň ýokary derejesiniň bolmagy netijesinde iki ýurduň hökümetara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly şertler kemala gelýär. Iki ýurt hem halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlykda ýokary üstünlikleri gazandylar.

R.Meredow bilen L.Bin parlamentara we partiýalaryň arasynda gatnaşyklary berkitmek, sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşyp, “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky dialogyň ähmiýetini bellediler. Olar söwda-ykdysadyýet ulgamyndaky hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere hem-de energetika, ulag, aragatnaşyk we medeni alyşmalar ulgamlaryndaky ösüşlere seretdiler. Iki tarap hem ýurtlaryň milli bähbitlerine laýyklykda, gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen aýratyn duşuşykda Lýu Bin bilen syýasy geňeşmeler geçirilip, onda syýasy dialog, söwda we medeni alyşmalar ýaly ugurlarda möhüm meseleler maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ýokary derejedäki yzygiderli gepleşiklerň möühm ähmiýetini belläp, Hytaýyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdylar. Resmi wekiller 2025-2026-njy ýyllarda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama seretdiler hem-de ýurtlaryň strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň eýeleýän möhüm ornuny bellediler. Şeýle hem olar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara tagalla etjekdiklerini beýan etdiler.

Şeýle hem şol gün Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Onuň jemleri boýunça mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi.

2022