Türkmenistanyň ilçisi we “Diplomatic World” 2025-nji ýyldaky meýilnamalary maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň ilçisi we “Diplomatic World” 2025-nji ýyldaky meýilnamalary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň “Diplomatic World” institutynyň esaslandyryjysy Barbara Ditrih bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwary, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň “Diplomatic World” institutynyň esaslandyryjysy Barbara Ditrih bilen duşuşygy geçirilip, onuň barşynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen bagly möhüm çäreleri geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Brýussel şäherinde geçirilen gepleşiklerň dowamynda taraplar sebit we ählumumy durnuklylygyny pugtalandyrmakda Bitaraplygyň ornuny nygtaýan bilelikdäki başlangyçlar barada durup geçdiler. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesini ilerletmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna hem-de bu ugurda anyk ädimlerine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasy penşenbe güni habar berdi.

“Diplomatic World” žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sanyny döretmek baradaky teklip maslahatlaşmalaryň aýratyn mazmunyny düzdi. Žurnalyň bu sany parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk babatda ýurduň ýeten esasy sepgitlerini beýan eder.

“Diplomatic World” syýasy, işewürlik, maliýe, ykdysadyýet we medeniýet ulgamlaryny birleşdirýän diplomatik žurnaldyr. Žurnal ilçileriň, ÝB-niň döwlet Baştutanlarynyň, resmi wekilleriniň, halkara kompaniýalaryň hem-de öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda ýaýradylýar.

2022