Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň penşenbe güni Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirilip, onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler giň ugurlardaky meseleleriň toplumyny, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer başlangyçlary maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Ministrler şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar we sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler.
Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ulag, ykdysadyýet we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler. Şeýle resminamalaryň hatarynda maýa goýumlary özara goramak hakynda ylalaşyk, 2025 – 2027-nji ýyllarda strateik hyzmatdaşlyk maksatnamasy hem-de sanly ulgam, sport, oba hojalygy we gaz senagaty boýunça ähtnamalar bar.
Bu başlangyçlar iki ýurduň arasynda dostlugy berkitmek we köpugurly strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilmegi bilen tamamlanypdy.