Türkmenistanly telekeçiler 26 – 27-nji maýda Eýranyň paýtagty Tähranda geçiriljek Energiýanyň gaýtdan dikeldilýän çeşmeleri boýunça IX halkara sergisine we maslahatyna gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi penşenbe güni habar berdi.
Çäreler Tähran şäherindäki “Milad” maslahatlar merkezinde guralar. Maksatnamanyň çäklerinde, sergi bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda Eýranyň Milli baýraklaryny altynjy gezek gowşuryş dabarasy geçiriler.
Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasy bu çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň işewürlik jemgyýetçiliginiň wekillerine resmi çakylyk ugratdy.
Geçen ýylyň ahyrynda Aşgabatda geçirilen türkmen-eýran işewürlik maslahaty we Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi iki ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň ösýändigini görkezdi. Forumda energetika, ulag, oba hojalyk we tehnologiýalar ulgamlaryna aýratyn üns berildi.
Sergi we maslahat kompaniýalaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, terjibeleri alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Şeýle hem çäreler iki ýurduň söwda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, Merkezi we Günbatar Aziýadaky strategik ähmiýetli orunlaryndan netijeli peýdalanmaga çalyşýandyklaryny görkezýär.