Türkmenistan bilen Pakistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen Pakistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy, Yslamabat şäheri, Pakistan (Surat: Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň çarşenbe güni Yslamabat şäherinde Uddin Babaryň başlyklygyndaky Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň (NLC) wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda ulag-logistika düzümlerini ösdürmek we ýurtlaryň arasynda ýük daşamalary guramak meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Pakistanyň strategik taýdan amatly ýerleşişini ulanmak arkaly özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Taraplar bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we giňeltmek üçin yzygiderli geňeşmeleri geçirmek hakynda ylalaşdylar.

1978-nji ýylda döredilen Pakistanyň Milli logistika korporasiýasy (NLC) – ýurduň içinde, şol sanda halkara möçberde ulag düzümlerini, ýük daşamalaryny we logistika hyzmatlaryny dolandyrmak bilen meşgullanýan döwlet edarasydyr.

2022