TDHÇMB

Serdar Berdimuhamedow Boludaky pajygaly ýangyn zerarly Türkiýä gynanç bildirdi

BT
Serdar Berdimuhamedow Boludaky pajygaly ýangyn zerarly Türkiýä gynanç bildirdi
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bolu welaýatynda ýerleşýän Kartalkaýa dynç alyş zolagyndaky myhmanhanada bolup geçen hem-de adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu kyn pursatda ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkiýäniň içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sişenbe güni bolan ýangyn zerarly 76 adamyň gurban bolandygyny mälim etdi diýip, “TRT” teleýaýlymy habar berýär.

Häzirki wagtda gözleg-agtaryş işleri tamamlandy, ýurtlaryň hökümet wekilleri pida bolanlaryň maşgalalaryna we ähli türk halkyna gynanç sözlerini beýan etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
Fewral 18, 2025