Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow çarşenbe güni Yslamabat şäherinde “Gujranwalanyň işewürlik merkezi” döwlet guramasynyň başlygy Ahmad Ikram Lonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Aşgabat şäherinde Pakistanda öndürilen harytlaryň sergisini guramak mümkinçiligi duşuşykda garalan esasy ugurlaryň biri boldy.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu taslama önüm öndürijileriň, alyjylaryň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň özara gatnaşyklary üçin möhüm meýdançany döretmäge, önümler bilen tanyşdyrmaga we işewürlik başlangyçlary alyşmaga gönükdirilendir.
Duşuşygyň barşynda Pakistanyň telekeçileri özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen türkmen işewürlik toparlary bilen gatnaşyklary ýakyndan ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Türkmen tarapy öz nobatynda, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, döwrebap tehnologiýalary we bazar gurallaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli önümleriň eksportyny artdyrmaga ýardam edýän hususy pudagy goldamaga gönükdirilen maksatnamalar bilen pakistan tarapyna tanyşdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar işewürlik gatnaşyklary berkitmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen duşuşyklary yzygiderli geçirmek arkaly gepleşikleri dowam etmek barada ylalaşdylar.
Gujranwala ýokary ösüş depginleri gazanýan Pakistanyň iri senagat merkezleriniň biridir. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen işewürleri bilen gatnaşyklary ýakyndan ýola goýmagyň möhümdigini bellediler. Munuň öz iki ýurt üçin hem uly mümkinçilikleri açar.