Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň hem-de Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin täze desgalar açyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi anna güni habar berdi.
Hususan-da, Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň işgärleri üçin harby we durmuş maksatly desgalaryň täze toplumy gurlup ulanylmaga berildi.
Ulanmak üçin amatly ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze toplumyň düzümine girýän edara binasy, medeniýet öýi, lukmançylyk nokady, naharhana, sport meýdançasy häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär.
Şeýle hem açylyş dabarasynyň dowamynda harby gullukçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtoulaglar gowşuryldy. 64 maşgala üçin gurlan täze ýaşaýyş jaýynyň açylmagy dabaranyň möhüm wakasyna öwrüldi.
Mundan başga-da, Balkanabat şäherinde Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin her biri 32 maşgala niýetlenilen täze dört gatly iki sany ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Bu desgalaryň gurluşygy “Alawly türkmen” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi.
2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününe gabatlanylyp, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 90-dan gowrak kottej jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin niýetlenilen Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş tapgyrynyň nobatdaky tapgyry boldy.