Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň daşary işler ministri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşdy

BT
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň daşary işler ministri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçoroşwili bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwary, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow anna güni Tbilisi şäherinde Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçoroşwili bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda syýasat, ykdysadyýet we medeniýet ýaly dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, diplomatlar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini we munuň üçin syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda geçirmegiň ähmiýetini bellediler. 

Türkmen ilçisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de ýurduň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Asambleýasy tarapyndan şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilýän halkara iri çäreler barada gürrüň berdi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyklykda yzygiderli pugtalandyryljakdygyna we ösdürilejekdigine ynam bildirdiler. 

2022