Liwiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurdumyzyň telekeçilerini, döwlet we hususy kärhanalaryny 2025-nji ýylyň 22 – 28-nji aprelinde Tripoli şäherinde geçiriljek 51-nji halkara ýarmarka gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi sişenbe güni habar berdi.
Giň gerimli çäre işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak, harytlar we hyzmatlar bilen tanyşdyrmak hem-de täze bazarlary öwrenmek üçin amatly meýdança öwrüler.
Habarda bellenilişi ýaly, ýarmarka gatnaşmaklyk halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam edip biler.
Ýarmarka gatnaşmaga hasaba aldyrmak üçin wiza sowalnamasyny doldurmak we ýaşaljak ýeri kireýine almak üçin arza ýazmak zerurdyr. Goşmaça maglumatlary şu telefon belgilerine jaň etmek arkaly alyp bolar: +99312 36 11 89 we +99312 36 42 47.