TDHÇMB

“Fitch Ratings” Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işine ýokary baha berdi

BT
“Fitch Ratings” Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işine ýokary baha berdi
“Fitch Ratings” halkara reýting agentliginiň binasy, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: mediaasuransinews.co.id)

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy “Fitch Ratings” halkara agentliginiň Ätiýaçlandyryjynyň maliýe durnuklylygy (IFS) we Emitentiň uzak möhletleýin defolty (IDR) boýunça “B durnukly” reýting derejesine eýe boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Berlen bu reýting derejesi milli ätiýaçlandyryş guramasynyň daşary ykdysady işini işjeňleşdirmäge we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam eder.

“Fitch Ratings” – bu karz reýting derejelerini, seljerme synlaryny we barlaglary hödürlemäge ýöriteleşen öňdebaryjy amerikan korporasiýasydyr. Kompaniýa anyk maliýe gurallarynyň we bazarlarynyň maýa goýumlar bilen baglanyşykly maliýe durnuklylygyna we töwekgelçiliklerine baha berýär. Munuň özi maýadarlara esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge we maliýe bazarlaryndaky açyklyk üçin şertleri döretmäge ýardam edýär.

1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda döredilen Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy özüniň alyp barýan işleriniň çäklerinde ýurduň ilatyna we kärhanalaryna ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek bilen ätiýaçlandyryş bazaryny işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň maliýe ýagdaýyny berkitmek we dünýä derejesindäki ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bolan zerurlyklary doly kanagatlandyrmak guramanyň baş wezipesi bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
Mart 2, 2025