Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa Waşington şäherinden uzakda bolmadyk ýerde köpsanly adam pidalaryna getiren pajygaly hadysa zerarly gynanç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz ýurdunyň şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna duýgudaşlyk bildirýändigini belledi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna medet beriji sözlerini beýan etdi.
Pajygaly waka çarşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 21:00 töwerekleri Ronald Reýgan adyndaky Milli howa menzilinden uzakda bolmadyk ýerde bolup geçdi diýip BBC habar berýär.