Türkmenistan BMG-niň Ženewadaky edarasynda SPEKA-nyň mejlisini geçirdi

BT
Türkmenistan BMG-niň Ženewadaky edarasynda SPEKA-nyň mejlisini geçirdi
BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynda (SPEKA) Türkmenistanyň başlyklyk etmegine bagyşlanan utgaşykly mejlisi, 2025-nji ýylyň 29-njy ýanwary, Ženewa, Şweýsariýa (Surat: Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçihanasy)

2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynda (SPEKA) ýurduň başlyklyk etmegine bagyşlap, utgaşykly görnüşde mejlis geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçihanasy habar berdi.

Mejlise SPEKA Maksatnamasynyň işini utgaşdyrýan BMG-niň sebit komissiýalarynyň, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESKATO) ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çärä şeýle hem SPEKA gatnaşýan ýurtlaryň Ženewada iş alyp barýan hemişelik wekilleri hem-de milli utgaşdyryjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapy ýurduň SPEKA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň maksatnamasy bilen tanyşdyrdy.

Açyk pikir alyşmalaryň dowamynda gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns çekmek bilen, ýakyn geljek üçin bilelikdäki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

SPEKA (BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasy) – bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) arasynda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam etmek maksady bilen 1998-nji ýylda döredilen guramadyr. Bu maksatnama söwda, ulag we durnukly ösüş gatnaşyklaryny hem-de sebit arabaglanyşygyny ösdürmäge gönükdirilendir. 

2022