Türkmen kompaniýalary “QACIS 2025”-iň çäklerinde halkara işewürlik mümkinçiliklerini giňeldýärler

BT
Türkmen kompaniýalary “QACIS 2025”-iň çäklerinde halkara işewürlik mümkinçiliklerini giňeldýärler
“ISO” halkara stnadartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän halkara şahadatnama eýe bolan kompaniýalaryň wekilleri, 2021-nji ýylyň 23-nji dekabry, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: TDH)

29-30-njy aprelde Aşgabatda “Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyk gelýän hil kepilligi” (QACIS 2025) atly halkara maslahat geçiriler. Bu çäre halkara bazarlara çykmaga we innowasion ölçegleriň kömegi bilen önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga çalyşýan kompaniýalara gönükdirilendir.

Türkmenistanyň nebitgaz tolumynyň elektron gazetiniň habar bermegine görä, “TurkmenExpo” kompaniýasy forumyň guraýjysy bolup çykyş edýär. Önümleri halkara ölçeglere laýyk getirmek, bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmek we dolandyryşy şahadatnamalaşdyrmagyň häzirki zaman ulgamlary bilen bagly meseleler maslahatlaşmalaryň esasy özenini düzer.

Gatnaşyjylar degişli ugurda özleriniň gazananlary bilen tanyşdyryp, geljegi uly müşderileri çekip, döwletara hyzmatdaşlygyny ýola goýup hem-de hil babatda täze ýörelgeler barada öwrenip bilerler.

Türkmenistanyň dürli pudaklarynda, şol sanda maglumat tehnologiýalary, bilim, gurluşyk, derman senagaty we önümçilik ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar hil dolandyryşyny kämilleşdirmek maksady bilen “ISO 9001:2015” ulgamyny işjeň ornaşdyrýarlar.

2022