Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri 2025-nji ýylyň 3 – 4-nji fewralynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen “GOSAT” emeli hemrasynyň kömegi bilen parnik gazlarynyň möçberine baha bermek boýunça halkara maslahatynyň işine gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde olar Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynda göz öňünde tutulan çäreler barada çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy we taslamalary utgaşdyryjy müdirliginiň başlygynyň orunbasary Mergen Ýusupow degişli ulgamdaky milli strategiýa bilen tanyşdyrdy we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde durmuşa geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmen wekili howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde öz ýurdunyň amala aşyrýan tagallalary, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän halkara başlangyçlary barada gürrüň berip, Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny belledi.
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň we Mongoliýanyň wekilleri parnik gazlarynyň möçberini hasaplamakda hemra aragatnaşygynyň maglumatlaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri boýunça pikir alşyp, ekologiýa ýagdaýlaryna gözegçilik etmekde tehnologiýalaryň tutýan ornuna aýratyn üns çekdiler.
Bu maslahat türkmen wekiliýetine daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribeleri alyşmaga, umumy ekologiýa meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini öwrenmäge amatly mümkinçilik döretdi. Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy onuň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çalyşýandygyny görkezdi.