Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini doglan güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini doglan güni bilen gutlady
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba (Surat: Hiro Komae/Pool via Xinhua)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtap, onuň özara hormat goýmak we ynyşmak esasynda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Ýaponiýanyň döwlet ýolbaşçysyna uzak ömür, bagtyýarlyk, ýapon halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Sigeru Isiba 1957-nji ýylyň 4-nji fewralynda dünýä indi. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda dolandyryjy partiýanyň ýolbaşçylygyna saýlanandan soň, Sigeru Issiba Parlamentiň deputatlarynyň aglabasynyň goldawlaryny gazanyp, Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanyldy.

2022